Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösýär. Ýakymly pursatlara beslenip gelen ýylymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrmak bilen, kalplarda parahatçylyk söýüjilik ýolumyza bolan buýsanjy hasda artdyrdy. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi “Arkaç” söwda we medeni dynç alyş merkezinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlap aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdiler. Baýramçylyk çäresinde 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň asuda asmanymyzy, parahat zeminimizi, ýurdumyzyň gözelliklerini wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň dowamynda geljegimiz bolan ýaşlar üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
