HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLAP GURNAN DÖREDIJILIK SERGISI  

,

      Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşli menzilleri watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyrýar. Bagtyýarlyk buýsanjyndan galkynýan ýurdumyz belent maksatlar bilen öňe ilerläp, döwletli Diýarymyzyň her bir ösüşli pursatyna mynasyp seslerini goşýarlar.

Şeýle ruhda zähmet çekýän Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary öz gezeklerinde ýaş nesilleri terbiýelemekde olara şekillendiriş sungatynyň birnäçe ugurlaryndan bilim bermek, hünär öwretmekde döredilip berilýän uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp zähmet çekýärler. Ýörite okuw meýilnamasyna laýyklykda şekillendiriş hünärine höwesli ýaşlaryň arasynda has ökde, has ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen döredijilik sergilerini, döredijilik bäsleşiklerini yzgiderli gurnap durýarlar.

       Çagalar çeperçilik mekdebinde gurnalýan her bir sergä ýaş nesillerimiz uly höwes bilen gatnaşyp döredijilik eserlerini ýerine ýetirýärler. Sergä 200-den gowrak eserler gatnaşdyryldy. Dürli temalardan beýan edilen döredijilik eserlerinde mähriban Watanymyzyň asudalygy, parahatlygy baky bagtyýarlyk çuňňur wasp edilýär. Dürli gülleriň şekiljiklerini ýasamak, kagyz ýüzünde suratlandyrmak boýunça, tebigatyň aýratynlyklyklaryny wasp etmekde mekdebimiziň göreldeli okuwçylary işjeňlik görkezdiler.

       Mekdebiň baýry mugallymlaryndan düzülen eminler toparyna  bu döredijilikli bäsleşik sergisine mynasyp baha berip, has ökde zehinli ýaşlary tapawutlandyrmak aňsat düşmedi. Şeýle bolanda-da baýrakly orunlaryna mynasyp bolan okuwçylara 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi tarapyndan hormat hatlary we mynasyp sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp ýaş nesillerimiziň okamaga, öwrenmäge bilim alyp hünär öwrenmeklige döredilip berilýän uly şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Döwletli başlangyçlarynda uly-uly üstünlikler hemişe hemra bolsun.