Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

,

   “Türkmen owazy” teleýaýlymy, Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň ýazgysyny geçirdiler. Ajaýyp diýarymyzda mähriban enelermiz hakda buýsançlydan-buýsançly gürrüň etmek, olaryň kalbynda mähirli duýgulary oýarmak her bir perzendiň perzentlik borjudyr. Bu günki geçirilen baýramçylyk ýazgysynda hem 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor toparynyň hem-de “Bagtyýarlyk” orkestr toparynyň okuwçylarynyň dünýäniň görki, öýlerimiziň bezegi bolan enelermizi, ýüzümiziň tuwagy gelin-gyzlarymyzyň waspyny edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzda enelermize, gelin-gyzlarymyza goýýan belent sarpasy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw edýäris.