Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap medeniýet öýleriniň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli 200 orunlyk Bagtyýarlyk medeniýet öýünde meşhur estrada aýdymçylary Mekan Çaryýew, Serdar Çarygulyýew, Amansähet Sähedowyň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Biziň ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda çagalar bagyna gatnaýan eýjejik gyzjagazlardan başlap ak saçly mähriban enelermize, zähmet çekýän güler ýüzli gelin-gyzlarmyza pul sowgady gowşurylýar. Bu sowgat ata Watanmyzda märiban zenanlara bolan söýgüniň, hormatyň ýene bir nyşanydyr.
Milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelermiz, bahar güller ýaly owadan gyzlarymyz ajaýyp baýramyňyz gutly bolsun!