Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Halkyň saglygy –ýurdyň baş baýlygy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek bilen, ýurdumyzda hem Bütündünýä saglyk gününiň giň gerimde bellenilip geçilmegi, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de bu halkara sene parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sportuň we ynsanperwerligiň wagyzçysy bolup, agzybirligi hem-de jebisligi berkitmekde uly ähmiýete eýedigi barada bellediler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.