Hemişelik Bitaraplygyň Waspy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin  kitaphana  şahamçasynyň  guramagynda Baky Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplygyň Waspy ady bilengürrüňdeşlik geçirildi.

          Gürrüňdeşlikde Halkara Bitaraplyk  türkmen taryhyna müdümilik altyn harplar bilen  ýazylyp, ýurdumyz dünýä döwletleriniň  arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez  bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden  gelip çykýan aýdyň  wezipeler, dünýä ählumumy parahatçylygyň  pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň  we abadançylygyň  üpjün edilmeginde  möhüm ähmiýete  eýe bolup durýandygy barada  bellediler.  

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak bolmagyny, alyp  barýan  beýik işleriniň  rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.