Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen diýarymyzda gazanylýan köpsanly üstünlikleriň hatarynda baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy oňyn tejribeler we diplomatik netijeler bilen baýlaşýar. Milli hukuk ulgamynyň ösüşleriniň özeninde, onuň binýatlaýyn düzgünlerinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, häzirki zaman dünýäsiniň umumadamzat gymmatlyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär.Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde halkymyzyň belent ynsanperwerligini äleme äşgär edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen hoşniýetli, düşünişmek arkaly gatnaşyklary ýola goýup, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleriniň bu gün türkmeniň dünýäde Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagynda hem mynasyp orun tutýandygyna göz ýetirmek bolýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy halkymyzyň parahatçylygydyr, asudalygydyr, abadançylygydyr, agzybirligidir, bagtyýarlygydyr we döwlet berkararlygydyr.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli halkymyzy ýetip gelýän baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
“Biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys” diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly baştutanlygynda ösüşli hem özgerişli menzillerde röwşen geljegi nazarlaýan ata Watanymyza diňe rowaçlyklar ýar bolsun, halkara abraý-mertebesi, şan-şöhraty belende galsyn! Halklaryň bagtyýarlygy hem abadançylygy, ösüşi hem asuda durmuşy barada uly alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli beýik işleri dowamat dowam bolsun!