Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli koserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Hoş gelipsiň Nowruzym – eziz Diýara” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler Halkara Nowruz baýramy Garaşsyzlygymyzyň gaýtaryp beren ajaýyp miweleriniň biridigi, onuň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly ruhy dünýämizden gözbaş alýandygy, bahar-ýaz pasly türkmeniň aýratyn söýýän pasyllarynyň biri bolup, türkmen halky bahar paslyna diriligiň, ýaşaýşyň çeşmesi hökmünde baha berýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirligi, ýurt abadançylygyny, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini üpjün edýän ähmiýetli baýramdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler we çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.