“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi okuwçy ýaşlar bilen bilelikde “Öz elim bilen” atly döredijilik pursaty gurnaldy.
Belli bolşy ýaly döredijilik duşuşygy mekdebimiziň keramika bölüminiň okuwçylary, mugallymlary göreldeli hem-de milli çeper sungata hormat goýýan, gadymy milli sungatymyz bolan külalçylyk ýagny küýzegärçilik sungatyndan bilim alýan okuwçylarymyz bilen bilelikde gurnaldy.


Keramika hünärinde bilim alýan okuwçylarymyz gerekli toýun palçygyndan, dürli inçeden nepis milli döredijilik eserleri döretýärler. Her bir eserler-de milli ruhda Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşli menzilleri aýdyň duýulýar. Zähmet bilen, höwes sazlaşanda ylham joşup eser döreýär.

Çeper eseri döretmek üçin mynasyp tema ýagny mowzuk saýlanyp, soňra şol mowzugyň üstünde köp sanly gözlegleri ýerine ýetirip, belli bir pursatda durmaly. Soňra bolsa ýörite serişdeler bilen ýumuşy ýerine ýetirmeli. Temalar dürli bolup bilýär, durmuşy, taryhy, tebigat bilen bagly, haýwanat dünýäsi bilen bagly, milli nagyşlar we başgalar. Zehinli okuwçylarymyz çaga kalplaryndan syzylyp çykýan her bir nagyş şekiljiklerine, milli özboluşlulyklara has ünsli çemeleşýärler. Döredijilik eserlerindäki nagyşlaryň şekilleri, tebigatyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri sazlaşykly beýan edilýär. Nepisden, inçe ýerine ýetirilen eserleriň ählisinde uly zähmet we çäksiz höwes duýgulary uly üstünlikli beýan edilýär. Ýaşlarymyzyň döredijilik el işlerinde esasan tebigatyň owadan, täsin gözellikleri milli öwüşginli reňkleriň sazlaşykly çeper keşpli beýanlary şekilleriň üsti bilen berilýär.
Ýaşamaga, zähmet çekmäge ýaş nesillere bilim terbiýe berip, hünär öwretmeklige döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.