Il ulus guwanýar Nowruza – ýaza, dumly– duşy bezäp şirinowaza

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli   “Il ulus guwanýar Nowruza – ýaza, dumly – duşy bezäp şirin owaza” ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşginde  aýdym-sazly  baýramçylyk çäresi geçirildi.

        Çärede çykyş edenler müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumyadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramy bolup, Nowruzyň gelmegi bilen tebigat janlanýar, tebigatyň janlanmagy, adamyň ruhy dünýäsini galkyndyrýandygy barada gürrüň berdiler.  Şeýle-de ene-mamalarymyzyň asylly ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarlylygynyň alamatydygy, ýagşy däplerden ugur alýan halkymyz  bu  baýramy uly şatlyk, begenç bilen garşylanýandygy barada buýsançly sözlerini beýan etdiler.

        Çäräniň ahyrynda  dünýäde  parahatçylyk  taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.