“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK” ýylynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň horegrafiýa sungatynyñ folklýor toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýünde okuw iş tejiribesini geçýärler. Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň hünärmenleriniň alyp barýan işleri barada ýagny ýöredilýän resminamalar, geçirilýän çäreler şeýle-de medeniýet öýüniň dürli ýaşdan ybarat bolan çeper höwesjeňlerden düzülen gurnaklary, gurnaklaryň iş resminamalary hakynda talyplar giňişleýin öwrenýärler. Bagtyýarlyk medeniýet öýünde geçirilýän her bir çärelerde bagtyýar talyplar özleriniñ ukyp başarnyklaryny görkezýärler hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyñ Ýeňiş kitaphana şahamçasynda gyzykly we täsirli kitaplary bilen tanyşýarlar. Okamak, iṣlemek üçin şeýle uly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, işleri hemişe rowaç bolsun!
