Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň işgärleriniň gatnaşmagynda “Kitap – akyl hazynasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýaşlara ýol-ýörelge, görkezji gymmatly gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýaşlary watansöýüjilik, millilik ruhynda terbiýelemekde, her bir işe yhlasly çemeleşýän ogul-gyzlary ýetişdirmekde halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde, uly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny ösdürmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.