“Magtymguly – dünýäniň akyldary”

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat  Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebi,  Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy.

   Magtymguly Pyragy – türkmeniň ykbal serpaýy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly “Magtymguly – dostlugyň waspçysy”. Magtymguly Pyragynyň şygyrýet dünýäsi diňe bir halkyň, ýurduň durmuşynyň çäginden has giňdir. Dana Pyragynyň dünýäsiniň hiç bir babatda araçägi ýokdur. “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ahyrky günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly  üç dilde neşir edilen kitaby türkmen halkynyň eline gowuşdy. Bu kitabyň  “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ahyrky günlerinde halka ýetirilmeginiň özi akyldar şahyra bagyşlanan toýlaryň bu toprakda hiç haçan tamamlanmaýandygynyň pelsepewi beýanydyr. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde  Köpetdagyň eteginde türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeliniň oturdylmagy, mähriban Watanymyzda beýik söz ussadyna goýulýan sarpanyň belentdiginiň bu günki gün şaýady bolýarys. Hormatly Prezidentimiziň ylham akabasyndan kemal tapan kitaplarynyň, bize ýapýan ajaýyp kitaplarynyň yzynyň gür bolmagy biziň ählimiziň kalp arzuwlarmyzdyr.

   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparlarynyň, skripkaçylar we dutarçylar toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym  sazlary ýaňlandy. Biz mugallymlara her bir işimizde nusgalyk görelde bolup duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.