“Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr”

,

     Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr” ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda  türkmen halky bagtly eýýamyň gujagynda bagtyýar ýaşaýar. Bu döwür ýurdumyzyň ösüşdir özgerişleri bilen dünýä ýüzünde iň bir şöhratlanan döwürdür. Şeýle bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adamzat taryhynda gadymy siwilizasiýanyň merkezi hökmünde tanalýan Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinde ýerleşýän umumadamzat ähmiýetli medeni gymmatlyklarymyzy, mähriban halkymyzyň ruhy mirasyny toplamak, ýitip gitmeginiň öňüni almak, olary ylmy esasda öwrenmek we geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmek, baý hem-de köpgörnüşli mirasymyzy dikeltmek  we kämilleşdirmek  meselesine aýratyn uly üns berilýär. Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessury bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir. 

     Çäräniň ahyrynda bize şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw etdiler.