“Mekdep, edep-terbiýäniň ojagy”

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Garadaşaýak medeniýet öýi we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 141-nji orta mekdebi bilen gurnamagynda “Mekdep, edep-terbiýäniň ojagy” ady bilen wagyz-nesihat çäresiniň beýany.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler hemde  beýik özgertmeler amala aşyrylyp, zähmet söýer halkymyzyň şol sanda ýaş nesilleriň eşretli durmuşynyň hözürini görüp bagtyýar ýaşamagy ähli zerur şertler döredilýär. Edep her bir halkyň asyrlaryň dowamynda toplap kämilleşdirilen, nesillerden nesillere geçip gelýän ahlak  kadalarynyň, gylyk häsiýet türkmen nesli üçin nusgadyr. Hoş gylykly adam hemişe ynsanlaryň söýgüsini gazanyp biler. Ýurdumyzda Watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly, ýokary hünärli nesliň ösüp ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömürleri uzak bolup, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslenmegini, alkyş sözlerini beýan etdiler.