Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda dynç alyş çäresini gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirlendir. Bagtyýar nesillerimiziň şatlyk – şowhuny, şadyýan gülki sesleri, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, parahat söýüjiligimizi hem – de dostlugymyzy wasp edýän joşgunly aýdym – sazlary belentden ýaňlanýar. Munuň özi geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe hem – de bilim almaklaryna, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmeklerine, oňat dynç almaklaryna gönükdirlen döwlet syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bize okamaga, öwrenmäge, şeýle hem bilimdir zehinimize daýanyp, dürli derejedäki bäsleşiklere gatnaşyp üstünlikli netijeleri gazanmaga giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
L Goçmämmedowa
Gypjak medeniýet öýüniň müdiri