Ýaz paslynyň ilkinji aýlarynda ýurdumyzda Milli bahar baýramy bellenilip geçilýär. Bahar diňe bir tebigat durmuşynyň täzelenşiniň nyşany hökmünde däl-de eýsem, goňşuçylyk aragatnaşyklarynyň rowaçlanmagynyň baýramy hökmünde hem garalypdyr we ol häzir hem şeýle bolmagynda galýar. Nowruz gününde türkmenlerde semeni bişirip dogan-garyndaşlara, goňşulara paýlamak bolsa däp bolup galypdyr. Nowruz günlerinde saçaklar hemişekilerinden has giňden ýazylyp dürli-dümen tagamlar goýulýar. Munuň özi adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam beripdir.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde Milli Bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk konsertini geçirdiler. Baýramçylyk konsertinde türkmeniň milliliklerini özünde jemleýän türkmen saçagynyň sergisi guruldy, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy, mekdebiň nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň bahar paslynyň gözelliklerini wasp edip çeken suratlary bu günki baýramçylyk dabaramyzda sergilendi. Baýramçylyk konsertiniň dowamynda türkmen halkynyň milli baýramlaryny giňden bellemäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw edildi.