“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Magtymguly-Pyragy” medeni seýilgäh toplumynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan konsertiň ýazgysyny geçirdiler. Baýramçylyk ýazgysynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň Bahar paslynyň gözelliklerini, parahat zeminimizi, ýurdumyzyň gözelliklerini wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň çeken suratlary hem sergilendi. Baýramçylyk ýazgysynyň dowamynda ýurdumyzda milli baýramlarymyzy döwrebap bellemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw edildi.
