Mylaýym hem sada türkmen gözeli

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Mylaýym hem sada türkmen gözeli” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, güler ýüzlüligi ajaýyp bahara deňelip, türkmen zenanynyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukddeslige tagzym” atly kitabyndan çäksiz söýgi, gözellige ýugrulan ene dünýäsi hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan gelin-gyzlarymyzy, enelerimizi mukaddeslige deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, ummadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!