“Neşekeşlik we çilim çekmegiň zyýany”

,

Şu gün 7-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda mekdebiň mejlisler zalynda  “Neşekeşlik we çilim çekmegiň zyýany” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlige Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap polisiýa bölüminiň 1-nji polisiýa bölümçesiniň ýerli wekili leýtenant Süleýman Dorjaýew gatnaşdy . Polisiýanyň leýtenanty öz gezeginde okuwçylara çilim, nas we psihotrop maddalar we zyýanly endikler barada, tertip düzgün we kada-kanun, köçe ýol hereketleriniň düzgünlerini berk berjaý etmek barada, ynsan saglygyny goramak we dikeltmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek şeýle-de adam ömrüniň dowamlylygyna zyýan ýetirýän endikler, şol zyýanly endiklerden daşda durup öz saglyklaryny gorap, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgul bolmaklarynyň wajypdygy dogrusynda gürrüň etdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde gurlup berilýän döwrebap sport zallarynda okuwçylaryň boş wagtlary sporta-bedenterbiýä sarp edip peýdalanmalydygy dogrusynda gürrüň edildi. Gürrüňdeşlige gatnaşan mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.