Bütin Türkmenistan ýurdumyzda mukaddes Nowruz baýramçylygy ulydan toýlanýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy aýratyn halkymyza hyzmat edýär. Yn-ha biziň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebimizde-de Nowruz baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabarada mekdebimiziň mugallymlary, zehinli okuwçylarmyz öz halaýan saz gurallarynda dürli äheňdäki sazlary çalyp, türkmen dost- dogan ýurtlarmyzyň aýdymlary uly joşgunly ýerine ýetirdiler. Dabara uly şowhun, şadyýanlyk bilen geçdi.
Şu pursatda şular ýaly ajaýyp, owadan ýurtda ýaşamana, okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag bolsun, ömürleri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn. Müberäk Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!
