Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz dost – doganlyk baýramy” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler eziz Watanymyzda bahar paslynyň gelmegi bilen, güller açylyp, tebigat ajaýyplyga beslenip, Nowruz baýramynyň waspy çeper beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz her bir ynsan kalbynda ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etýändigini, Nowruz diňe bir bahar baýramynyň gelendigini buşlaman eýsem, topragyň janlanýandygynyň hem buşlukçysydygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.