Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz dost-doganlyk baýramy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň çar künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýän günlerinde ata-babalarymyzyň gadymdan bäri belläp gelýän Nowruz baýramçylygy ajaýyp däp – dessurlarymyzyň, şeýle-de milli tagamlarymyz tebigatymyzyň gözellikleri bilen sazlaşyp, Nowruz “Täze gün”, “Täze ýyl” diýen manyny aňladýan baýramydygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlary ýaňlandy we çärä gatnaşanlarda has-da ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.