Nowruz geldi baky bahar diýara

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz geldi baky bahar diýara” ady bilen aýdym-sazly  baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen halky öz mukaddes däp-dessurlaryny we gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramyny giňden belläp geçýändigi hakynda gürrüň berdiler. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň  baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala  getirmek bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy  ýörelgesidir diýip bellemek bilen, baýramçylygynyň  aýratynlygy, onda taýýarlanylýan   tagamlar, nowruz  bilen baglanyşykly halk döredijiliginde hem uly orun tutýandygyny barada gyzykly gürrüňler edildi.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.