Nowruz geldi diýaryma

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Durdy Gylyç adyndaky  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde  Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz geldi diýaryma” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde her ýylda bahar paslynyň gelmegi bilen tebigat janlanyp, degre-daşymyz gülzarlyga beslenip, toýlar-toýlara ulaşýandygy hakynda belläp, Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni giňden bellenip, ajaýyp baýram hakynda goşgular, nakyllar, aýdym-sazlar bilen gözelligiň waspy, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň owazy bolup ýaňlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramynyň gelip çykyşy, ýerine ýetirilýän däp-dessurlar hakynda söz açýan kitaplardan gürrüň berildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.