Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli “Nowruz geldi güle besläp dünýäni” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumuzda Nowruz baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belleýändigi, Nowruzda ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenip, älem-jahanyň röwşen reňklere beslenýändigini şeýle-de Nowruz baýramy bilen baglanyşykly gadymdan gelýän käbir däp-dessurlar ýerine ýetirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary ajaýyp aýdym – sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.