Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi tarapyndan gökdere jülgesinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy gurnady.
Baýramçylyk dabarasyna aksakgal gojalarymyz, kümüş saçly enelerimiz hem-de ýaşajyk tansçylarymyz we medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Bu baýramçylyk dabarasyna Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nj çagalar çerçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçy ýaşlary hem ýokary guramaçylykly, işjeň gatnaşdylar. Ýagny ýörite döredijilik sergisini we toý pursatlaryny suratlandyrmaklyk gurnaldy. Aýdym-sazlaryň belent owazlary has joşgunly ýaňlanyp, toý mähellesine gatnaşyjylarda uly ruhy lezzet döretdi. Gurnalan milli sergide ene-mamalarymyzyň on barmagyndan syzylyp döredilen milli keşdeleriň, el işleriniň şeýle-de döredijilik eserleriniň sergisi netijeli boldy. Eziz Watanymyz toý-baýramlara baý döwlet. Her bir toý dabarasyna mynasyp sowgatly barmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Halkara Nowruz baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda ulydan toýlanýar.


Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalynyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.