Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz geldi – ýaz geldi” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Milli bahar baýramy her ýyl biziň ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun dabara bilen bellenilýänligi, Nowruz baýramy halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi ündeýän, dünýä derejesinde dost-doganlyga we parahatçylyga çagyrýan baýrama öwrülendigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.