Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz – parahatçylygyň baýramy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde türkmen halky pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar paslynda Milli bahar baýramyny uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýändigini, şeýle-de Nowruz baýramynda naz-nygmatlary taýýarlap, ýaňy gögeren ýaşyl bugdaýdan taýýarlanan semeni bişirilip, birek-birege hödür edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy gaýtaryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.