Nowruz – tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Durdy Gylyç adyndaky  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde  Milli bahar baýramy mynasybetli Nowruz – tebigatyň hem-de köňülleriň baýramyady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramynda halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleriniň berjaý edilmegi, gelin-gyzlarymyzyň halk döredijiliginiň nusgawy görnüşleri bolan monjugatdylary, läleleri, öleňleri, aýdyşyklary, hüwdüleri, gazallary ýerine ýetirmekleri, milli lybaslary, oba hojalyk önümleriniň segileriniň guralmagy, dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň  görkezilmegi gadymdan gelýän medeni mirasymyzy giňden wagyz edilýändigi barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.