Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener –tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Owadan dünýäniň zynaty ene” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen zenanlaryň jemgyýetde uly ornynyň bardygy, ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara döwlet goldawynyň berilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylda Halkara zenanalar gününiň öňsyrasynda ýurdumyzyň zenanlarynyň birnäçesine halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, mährem enelere, mährem zenanlara goýylýan sarpanyň örän belentdigini görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda şahyr zenanlar gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygy, wepadarlygy, ene söýgüsi hakynda, mähriban topragymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligini wasp edýän şygyrlary bilen, talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, alkyş sözleri aýtdylar.