Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezileşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler öz sözünde Magtymguly Pyragynyñ goşgulary barada gürrüň berdiler. Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasy öwrenmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ṣygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen diliniñ, edebiýatynyñ baýlyklaryny özünde jemleýär. Çünki, ṣahyr ylym öwrenmegiñ, kitap okamagyñ ähmiýeti hakynda çuňňur beýan etmek bilen bir hatarda ýaslara nesihat edýär.
Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr.
Ṣu setirlerden görnüṣi ýaly, alymlaryñ ýanynda bolmak, olaryñ nesihatyny diñlemek asylly ýörelgedir. Munuñ özi halypa-ṣägirtlik ýolunyň hem ähmiýetlidigini beýan edýär.
Magtymguly Pyragy dünýä hakyndaky, durmuṣ we adam hakyndaky oýlanmalarynda ýaşaýşyň manysyna akyl ýetirmegi, ylym öwrenmegi, ýagsy-ýamana göz ýetirmegi, kanagatly bolmagy, myhman söýerligi hem-de ṣer işlerden daṣda bolmagy ündeýär.
Ylym-bilim öwrenmek, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak üçin giñ mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyñ hem-de Hormatly Prezidentimiziñ janlary sag bolsun, beýik iṣleri rowaçlyklara beslensin!