Parahat ýurdumda ilim erkana, sagbol aýdýas Arkadagly Serdara

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezi bilen bilelikde gurnamagynda “Parahat ýurdumda ilim erkana, sagbol aýdýas Arkadagly Serdara” ady bilen söhbetdeşlik   geçirildi.

Söhbetdeşlikde parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkyň milli  aýratynlyklaryna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak  indi asylly  däbe öwrülendigi we şunuň bilen baglylykda, Gahryman  Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak 2025-nji ýyly ”Halkara parahatçylyk we  ynanyşmak ýyly diýlip atlandyrmagy ähli türkmen halkymyzy, ylaýtada kitaphanaçylary belent sepgitlere ýetirmäge ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Mundan başga-da parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigini bellediler.

      Söhbetdeşligiň ahyrynda öz bagtyýar halkyny aýdyň gelejege sary ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri aýdyldy.