Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda mährem enelermiziň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen “Parahat ýurdymyň reňklere siňen gözelligi” atly bäsleşik ýaş suratkeşleriň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen. Bäsleşige orta hünär ýörite sungat mekdepleriň talyplaryň hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp, olaryň arasyndan Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat medebiniň nakgaş bölüminiň okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Olardan III orunlara mynasyp bolan okuwçylar, Keregulyýewa Aýjemal we Kakajanowa Leýla. Höweslendirji baýraklara Ýollyýewa Bagtynyýaz, Mätiýewa Ogulgerek mynasyp boldylar. Eziz Watanymyzda ösüşlere beslenmäge, ylym-bilim dünýäsinde kämilleşdirmäge, medeniýetimizi we sungatymyzy ýaýmaga şeýle, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunmyzy aýtýarys!


