Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylygyň mizemez binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünliklere beslenýär, taryhy wakalar bilen ýürekleri buýsandyrýar. Çünki bu ajaýyp ýyl dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýän ýyly bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de 2025-nji ýylyň her bir güni beýik ösüşleri, berkarar ýurdumyza abraý-mertebe, şan-şöhrat getirýän tutumlary bilen Watanymyzyň taryhyna täze sahypalary ýazýanlygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.