Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda “Parahatçylyk – bagtyýarlygyň açary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler parahatçylyk we ynanyşmak – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň goşa ganatydyr, umumadamzat durmuşy üçin iň zerur şertleriň biri bolan parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň we ösüşiniň naýbaşy ýörelgeleridir diýip söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.