Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher Mehaniki tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi, Bitarap Türkmenistan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen döwletdigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlaryny dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy barada giňişleýin gürrüň beriler.
Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.