Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy ösüşiň hem‑de abadançylygyň binýady” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly asudalyk, agzybirlik, berkararlyk ýaly düşünjeleri – öz gözbaşyny “parahatçylyk” diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alyp, ýurt parahat bolanda, günler söýgä, aýlar bagta, ýyllar asudalyga beslenip, bagtyýar durmuş has-da gülleýär diýip belläp geçdiler.  Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň beýik taglymatyny özünde jemleýän “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp şygry il-halkymyzyň ýürek törüni eýeläp, eziz Diýarymyzyň asudalygynyň mekanydygyny ýene bir gezek subut edendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan   Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.