Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylyk, ynanyşmak- halklaryň arzuwy” ady bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistan ýurdumyzyň parahatçylyk syýasaty, türkmen halkynyň taryhynda asyrlar boýy dowam edip gelýän özboluşly aýratynlygynyň bardygyny nygtap, Türkmenistan döwleti beýleki halklar bilen ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagyň we birek-biregi goldamagyň, hemaýat bermegiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýokary nusgasyny görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, dünýäniň syýasy giňişliginde mynasyp orun tutýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.