Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga asudalyga beslenýär diýip aýtdylar. Çäräniň dowamynda her bir ynsanayň durmuşunda bolup geçişi ýaly halkyň döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar wakalar, bolup geçýär.Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiz parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumy adamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan üns berilýär.
Çäräniň ahyrynda her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda halkara Bitaraplyk güni toý dabara bilen uludan bellenilýär. Bu biziň halkymyz döwletimiz üçin Bitaraplygyň bahasyna ýetip bolmjak, mukaddes gymmatlygyny görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli halkymyzy ýetip gelýän baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şeýle ajaýyp zamanany, Berkararlygy, Bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.