Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap medeniýet öýleriniň gurnamagynda “Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy” ady bilen Milli Bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dynç-alyş çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Nowruz baýramyny türkmenler has irki döwürlerde hem, beýleki halklar ýaly, şatlyk-şowhunly belläpdirler. Halkymyzy bu baýramy milli baýram höküminde şeýle häsiýetlendirýär. Taryhy maglumatlara görä, Oguz han dünýä geleninde, baglar gül açyp, daragytlar we ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär. Dünýä ýüzüne gudratly şowhun ýaýraýar. Älem-jahanyň röwşen reňklere beslenen günlerinde täze umytlaryň baýramyny- Milli bahar baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belläp geçýär. Şol pursat Nowruz baýramy bilen baglanyşykly gadymdan gelýän käbir däp-dessurlar ýerine ýetirilýär.Bu baýramçylygy täze egin-eşikler bilen garşylamak däbe öwrüldi. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary edýärler, süýjüden-süýji tagamlary hödürleýärler.
Çäräniň ahyrynda öz halkyny eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy üçin şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw etdiler.