“Röwşen geljegimiz siziň bilen, Arkadagly Serdarymyz”

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Röwşen geljegimiz siziň bilen, Arkadagly Serdarymyz” ady bilen aýdym – sazly  döredijilik duşuşugy geçirildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda  hormatly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gözbaşy asyrlaryň çuňluklaryny boýlaýan milli toý – baýramlarymyz, däp – dessurlarymyz  täze öwüşgine eýe bolýar. Ösüşleriň hem – de  özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem – de  röwşen geljegine barýar. Biziň alyp barýan syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi  syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýady hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň her günümiziň tapawudy yer bilen gök ýaly. Mähriban Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän giň möçberli işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze derejesine çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz toýdur baýramlaryň şatlykly günleriň watanyna öwrüldi. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il – ýurt  bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

                                                  L Goçmämmedowa   

Gypjak medeniýet öýüniň müdiri