“Sagdyn – beden sagdyn ruh”

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýi hem – de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Sagdyn – beden sagdyn ruh” ady bilen baş baýlygymyz barada wagyz – nesihat  çäresi geçirildi. “Sagdyn – beden  sagdyn ruh” ady bilen wagyz – nesihat çäresinde  biziň baş baýlygymyz bolan saglygymyz barada uly aladalar edilýär diýlip bellenip geçildi.Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş   Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu halkara abraýly gurama tarapyndan milli saglyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berilýändigi aýratyn bellenmäge mynsypdyr. Munyň özi ýurdumyzda saglyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň  aýdyň kepilidir. Çärede Türkmenistan sagdynlygyň, bagtyýarlygyň ajaýyp mekanydyr diýlip bellenip  geçildi.

            Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  Watanymyzy   yzygiderli ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowlandyrmak, raýatlaryň saglygyny goramak ugrynda alyp barýan tutumly işleri üçin halkymyzyň hoşallygy egsilmezdir diyip çärä gatnaşanlar çykyş etdiler. Çäräniň soňynda çärä gatnaşanlar ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler. Ilatyň saglygyny goramak barada giň möçberli işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyga beslensin!