Sagdyn jemgyýet döwletiň daýanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda  Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn jemgyýet döwletiň daýanjy” ady bilen Arçabil şaýolunyň ugrundaky seýilgähde söhbetdeşlik  geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň  alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler.  Şeýle-de halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge saglyk baş baýlyk hasaplanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämileşdirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.