Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde    “Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” ady bilen  gürrüňdeşlik  geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman  Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensklopedik kitaby  bütün türkmen halky  üçin gymmatly gollanma  öwrülendigi, aýratynam  saglygy goraýyş  ulgamynyň  ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy  barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da  tebigatyň ynsan saglygy bilen  sazlaşygyny amala aşyrmaga  ýardam  edýän bu  kitap, dünýäniň dürli dillerine terjime  edilendigi, şeýle-de alym Arkadagymyzyň  dermanlyk ösümlikleri barada   häzirki zaman  lukmançylygynyň dünýä  tejribesinde   gazananlarynyň üstüni ýetirýändigi, ýurdumyzda  bitýän dermanlyk ösümlikleriniň  ylmy esasda  öwrenilişi, olaryň  melhemlik  häsiýetleri bu kitapda giňden beýan edilýändigi hakynda bellediler.

          Gürrüňdeşligiň ahyrynda  ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän Gahryman  Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.