Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bütündünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk – baky bagtyýarlykdyr” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde eziz Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalaryň edilýänligi, şeýle-de ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý-melhem hem ylham” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlaryň hem-de melhem çaýlaryň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.