“Saglyk egsilmez baýlyk”

,

 Saglyk baş baýlyk. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde Hormatly Prezidentimiziň halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden sagdynlygy babatda durmuşa geçirýän uly tagallalary bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz saglyk bilen sportuň bir bitewi düşünjelerdigini belleýär. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglyga oňyn täsir etmek bilen, adamda tutanýerliligi, maksada okgunlygy we zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik kuwwatyny artdyrýar.  Iýip-içýän wagtyň köp gürlemek, telewizora ýa-da kompýutera seredip ünsi bölmek, garaňky ýerde naharlanmak, iýip-içýärkäň arasyny kesip ýene dowam etdirmek saglyk üçin zyýanlydyr. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda gürrüňdeşlik geçirilip şular dogrusynda gürrüň edildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

     Halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, raýatlarmyzyň ömrüni uzaltmak barada hemişe alada edýän Hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza  berk  jan saglyk,  uzak ömür, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ynsan saglygyny goramak we berkitmek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edildi.