Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň dogulan gününiň 85  ýyllygy mynasybetli “Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi” ady bilen  gürrüňdeşlik  geçirildi.

      Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkyň ýüreginde hemişelik ýazgy galdyryp giden ussatlaryň biri Gurbannazr Ezizowyň dogulan gününiň 85 ýyllygynyň bellenilmegi, beýik ussat şahyra goýulýan belent sarpadan nyşan bolup durýandygy hakynda söz açyp, şahyr öz ýüregini, owazyny, ajaýyp dünýäsini türkmen tebigatyna baky ýadygär goýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň mähriban Watanymyzyň ajaýyplygy hakdaky goşgulary onuň edil beýleki şygyrlarynda bolşy  ýaly, çyňňur pikirlenmelere, duýgulara baýdygy, watansözýüjilik duýgularyny ösdürýändigi hakynda belläp geçdiler.  

          Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýazyjy şahyrymyzyň  goşgularyny ýaş nesillere wagyz etmekde giň mümkinçilikleri  döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly  Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar