“Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi”

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi” ady bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy “8-nji mart Halkara zenanlar güni”  bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! diýip çäräniň dowamynda bellediler.

       Dünýäde giňden bellenilýän “8-nji mart Halkara zenanlar güni” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerine aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

      Çäräniň ahyrynda şular ýaly ajaýyplyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlary aýtdylar.