SÖHBEDI SOŇLANMAJAK GÖZEL WATANYM

,

      “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren   eserleri milli sungatymyzyň aýrylmaz bir parçasyna ýugrulandyr. Her bir  eserler-de milli ruhda Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşli menzilleri aýdyň duýulýar. Döredijilik eserlerindäki nagyşlaryň şekilleri, tebigatyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri sazlaşykly beýan edilýär. Nepisden, inçe ýerine ýetirilen eserleriň ählisinde uly zähmet we çäksiz höwes duýgulary uly üstünlik beýan edilýär.

        Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary hem-de zehinli okuwçylary türkmen döwlet gurjak teatrynda bolup, döredijilik okuw tejribeligini we gezelenç gurnady. Okuw tejribeliginiň dowamynda ýaşlarymyz gurjak teatrynyň täsinlikleri bilen ýakyndan tanyş boldylar.   

     Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ajaýyp binasynda ýaşlarymyzyň ýörite döredijilik sergisi hem gurnaldy. Göreldeli okuwçylarymyzyň ýerine ýetiren   eserleriniň ählisinde Watançylyk, duýgulary has aýdyň görünýär. Gül Diýarymyzyň gözel künjekleriniň täsin gözellikleri   eserleriniň çeperçilik aýratynlyklaryny görkezilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy hemişelik Bitaraplygymyzy asuda parahat ýurdumyzyň Bagtyýarlygyny, bedew batly ösüşli menzillerimizi ýaş nesillerimiz dürli reňkli we gara galamyň kömegi bilen beýan edýän döredijilik taslamalarynda  hakyky çeperçilik mazmunlary sazlaşykly görkezilýär. Watançylyk duýgusynda ýerine ýetirilen eserleriň her birisin-de bagtyýar ýaşlarymyzyň gözel diýarymyza bolan aýdyň buýsançlary ýatyr.   

Ýaşamaga, zähmet çekmäge ýaş nesillere bilim terbiýe berip, hünär öwretmeklige döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.